Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Günbatar gapdalynda öz tugy astynda efraýym goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişamadyr. Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adamdyr. Onuň ýanynda manaşa tiresiniň düşelgesi bolsun. Manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamalyýeldir. Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adamdyr. Onuň gapdalynda benýamin tiresiniň düşelgesi bolsun. Benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydandyr. Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adamdyr. Efraýym düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz sekiz müň bir ýüz adam. Olar ýörişe üçünji bolup çyksynlar. Meniň dilim Seniň dogrulygyňy aýdar hem-de uzakly gün Saňa ol alkyş eder. Dawudyň nesli Siriýanyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi.
Выбор основного перевода