Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk». Meniň janymy Ol täzeleýär hem-de Öz adynyň hatyrasyna dogrulyk ýollaryndan meni äkidýär. Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä. Öz adyňyň hatyrasyna bizden ýüz öwürme. Öz şöhratly tagtyňy peseltme. Biziň bilen eden ähtiňi ýada sal, ony bozma.
Выбор основного перевода