Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin. Emma şonda-da Maňa gulak asman, garşyma gitmegi dowam etseňiz, Men gahar bilen size garşy gidip, günäleriňiz üçin size ýene öňküden-de ýedi esse artyk jeza bererin. Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny, akmak halkyň Seniň adyňy har edişini. Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma; Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar. Şeýle ýazylandyr, ine: «Men dymmaryn, bererin almytlaryny; hawa, almytlaryny gursaklaryna bererin. Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb. Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir. Beriň, size-de berler. Hyryn-dykyn doldurylyp, pürepür edilip, gujagyňyzy dolup-daşýan ölçeg bilen doldurylyp berler. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».
Выбор основного перевода