Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öýüň içi kedr tagtasyndan kesilip, kädä hem-de açylyp oturan güllere çalym edýän nagyşlar bilen haşamlanandy. Diwardaky daşlar görünmez ýaly, diwar tutuşlygyna kedr tagtasy bilen örtülendi. Tutuş öýüň diwarlary, içki we daşky otaglaryň diwarlarynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Ol öýüň içki we daşky otaglarynyň poluna hem altyn çaýdy. Süleýman içki otaga zeýtun agajyndan gapylar ýasady. Gapylaryň germewleri we söýeleri bäş burçlydy. Zeýtun agajyndan ýasalan iki gapynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Süleýman olara altyn çaýdy, keruplaryň we palma agaçlarynyň ýüzüne hem altyn çaýdy. Şeýle hem Süleýman öýüň daşky otagynyň gapysyna zeýtun agajyndan dörtburç söýeler ýasady. Ol serwi agajyndan iki taýly gapy etdi, onuň iki taýy hem iki tarapa-da açylýardy. Süleýman gapylaryň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary bilen haşamlanan nagşyň üstüne altyn çaýdy.
Выбор основного перевода