Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar. Ýöne indi bizi taşladyň, utanja goýduň, goşunlarymyz bilen bile gitmeýärsiň Sen. Oýan, ýa Taňry, näme üçin uklaýaň? Galk Sen, bizi baky taşlama. Çünki Ol biziň Hudaýymyzdyr, biz Onuň örüsiniň halkydyrys, Onuň elindäki goýunlardyrys. Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz: Ol Beýik Hudaýdyr, siz muny biliň. Ol bizi ýaratdy, biz-de Onuňky, biz – örüsiniň goýunlary we Onuň halky. «Meniň örimiň goýunlaryny ýok edip, dargadýan çopanlaryň waý halyna! Muny Reb aýdýandyr. Siz Meniň goýunlarym, örimiň goýunlarysyňyz. Siz ynsansyňyz, Men bolsam siziň Hudaýyňyzdyryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода