Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy. Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür. Men köplere täsinlik bolup göründim, emma Sen mäkäm penamsyň. Men ölmerin, aman ýaşaryn hem-de Rebbiň işlerini yglan ederin. Kalby päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler. Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň. Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.
Выбор основного перевода