Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar. Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp halklaryň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi. Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu. Çöl-beýewan we gury ýer şatlanar, çöl guwanyp, nerkes kimin güllär. Men Ysraýyla ýeriň çygy ýaly bolaryn. Ol liliýa güli ýaly açylar. Liwan kedri kimin kök urar. Reb halklar arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi. Hakykatdanam, Mesihiň Özi biziň parahatlygymyzdyr. Ol Öz janyny gurban edip, bu iki topary bir etdi, olaryň arasyndaky duşmançylyk diwaryny ýykyp taşlady.
Выбор основного перевода