Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin. Ol Rebden alar ak pata, halas edýän Hudaýyndan alar aklanma. Öz sadyk söýgimi onuň üçin baky saklaryn, onuň bilen eden ähtime sadyk galaryn. Men baky berkarar ederin onuň neslini, gökleriň günleri deý – onuň tagtyny. Eger ogullary Meniň parzlarymdan ýüz öwürseler, adalatly hökümlerime görä ýöremeseler, Meniň parzlarymy saklamasalar, tabşyryklarymy berjaý etmeseler, taýak bilen jezalandyraryn etmişlerini, gamçy bilen – olaryň günälerini. Emma Dawutdan aýyrmaryn söýgimi, Men wepadarlygyma galplyk etmerin. Men Öz eden ähtimi bozmaryn, agzymdan çykan sözden dänmerin. Bir gezek Öz mukaddesligimden ant içdim, Dawuda ýalan sözlemerin Men. „Onuň nesli dowam eder ebedi, Meniň gaşymda onuň tagty – Gün ýaly. Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline. Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler». Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar. Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli kazylygy Ogla tabşyrandyr.
Выбор основного перевода