Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
ummasyz baýlygyma buýsanyp, elimiň gazanjyna guwanan bolsam, Baýlygyna bil baglaýan ynsanlar, mal-mülküniň köplügine magtanýar. «Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi». Eý, oglum, seni günäkärler azdyrjak bolsa ylalaşma. Eger olar: «Biziň bilen ýör. Gan dökmek üçin bukuda garaşaly, sebäpsiz ýere bigünäni öldüreli. Olary ölüler dünýäsi ýaly diriligine, gabra inenler deý tutuşlaýyn ýuwudalyň. Her hili baýlyk taparys, öýümizi oljadan doldurarys. Ählimiz üçin horjun bir bolsun, aramyzda şärikligimiz deň bolsun» diýseler, eý, oglum, olar bilen bir ýoldan ýöreme, olaryň ýol-ýodasyna gadam urma. Olaryň takdyry şeýle bolar, zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar. Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär: «Bu sözi ret edip, zulum hem hilegärlige bil baglap, olara daýanýandygyňyz üçin, «Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Men size ýene-de şuny aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi. Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär. Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär. Çünki biz dünýä hiç zat getirmedik. Ondan hiç zat äkidip bilmejegimiz hem mese-‑mälimdir. Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr, Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.
Выбор основного перевода