Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli siz maňa ysnat getirjek? Haçana çenli puç zady söýüp, siz ýalana eýerjek? Sela Sen meniň günlerimi bir garyş etdiň! Seniň nazaryňda ömrüm puç zatdyr. Dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr». Sela Ynsany günäsine görä paş edip, temmi bereňde, guwanýan zatlaryny güýe ýaly dargadýaň; dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr!» Sela Howsala düşen wagtymda: «Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim. Şazadalara, ynsan ogluna hiç bil baglamaň, çünki olar halas etmeýär. Olaryň jany çykyp, topraga gaýdyp baranda, şol günüň özünde niýetleri puç bolýar. Ine, milletler ýagyş damjasy kimin, terezilerdäki toz kimin saýylýar, Ol adalary toz deýin äkidýär. Ähli milletler Onuň öňünde hiç zatdyr, olary hiç zat hasaplap, boşlukdan-da pes saýýar. Şazadalary hiç edýän, dünýäniň hökümdarlaryny puja çykarýan Oldur. Dünýäniň ähli ilaty hiç zat saýylar. Gögüň goşunyna hem, ýer ýüzüniň ilatyna hem Öz islän zadyny eder. Onuň elini saklap, «Seniň edýäniň näme?» diýjek hiç kim ýokdur. Asla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr: «Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň, Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».
Выбор основного перевода