Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aýyň halky olaryň otuz altysyny öldürdi we beýlekilerini bolsa derwezäniň agzyndan tä daş goparylýan ýere çenli kowalap, dagyň eteginde gyrdylar. Şonuň üçin tutuş halkyň susty basyldy we dowla düşüp, ýüregi ýarylara geldi. Dökülip, topraga siňip giden suw ýaly, ählimiz dünýäden öteris. Ýöne Hudaý jany almaz. Ol kowlanlary Özünden uzaklaşdyrmazlygyň alajyny tapýar. Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär; duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar. Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; erbet adamyň göwün islegleri puç bolar. Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir. Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider, ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.
Выбор основного перевода