Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki Rebbiň adyny jar ederin. Beýikdigi üçin Hudaýymyzy öwüň! Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr. Dogruçyllar pisleriň weýran edilenini görüp begenýär, bigünä hem olaryň üstünden gülýär. Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn. Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin, olar elmydama, goý, sandyrasyn. Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň. Salkymlar şäheriň daşyndaky çukurda sykyldy. Gan çukurdan çogup çykdy-da, at uýanynyň derejesine galyp, üç ýüz çakrym aralyga ýaýrady.
Выбор основного перевода