Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň. «Ýa Reb, meniň dogamy eşit, gulak goý dat-perýadyma; Sen biparh garama gözýaşlaryma, çünki men gelmişek Seniň ýanyňda, ähli atalarym deý men bir keseki. Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň. Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi, maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä, olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy. Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.
Выбор основного перевода