Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Akyş hanyň adamlary oňa: «Bu Ysraýylyň patyşasy Dawut dälmi? „Şawul müňüsini öldürdi, Dawut bolsa on müňüsini“ diýşip, ol hakda aýallar aýdym aýdyp, tansam edipdiler-ä» diýdiler. Bu sözler Dawudy uly iňkise goýdy we ol Gat hany Akyşdan juda gorkdy. Şeýlelikde, Dawut olaryň ýanynda öz bolşuny üýtgetdi. Olaryň ýanynda ol özüni dälilige saldy, derwezäniň gapylaryny dyrnaçaklap, olaryň ýüzüni persala etdi; sakgalyna erniniň suwuny akdyran boldy. Akyş han adamlaryna: «Oňa bir seretseňizläň, ol däli ahyryn. Näme üçin ony meniň ýanyma getirdiňiz? Näme özümde däli kemterlik edýändir öýdýäňizmi? Ýa onuň däliligine tomaşa etsin diýip getirdiňizmi? Heý, şeýle adamam bir meniň howlyma girmelimi?» diýdi.
Выбор основного перевода