Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger kimde-kim aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde gara mallardan ýa-da dowarlardan Rebbe salamatlyk gurbanlygyny bermekçi bolsa, onuň kabul bolary ýaly, ol gurat, şikessiz mal bolsun. Kör, şikes ýeten ýa-da maýyp, baş keselli, gotur ýa-da demrewli maly Rebbe hödür etmäň, şeýle mallary Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde gurbanlyk sypasynyň üstüne goýmaň. Göwresinde artyklygy ýa kemisi bolan öküzçäni ýa guzyny meýletin sadaka hökmünde hödürläp bilersiňiz, ýöne ol aýdylan sadakanyň ýerine kabul bolmaz. Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaýa beren kasamlaryňy berjaý et. Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.
Выбор основного перевода