Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen meni aýypsyzlygymda berkidýäň; Öz huzuryňda ebedilik duruzýaň. Eý, Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň! Ol sadyklarynyň janlaryny aman saklaýar, olary erbet adamyň elinden halas eýleýär. Reb – tarapdarym, gorkmaýaryn men, ynsan maňa näme edip bilsin? Reb kömekçi dek tarapdarymdyr, meni ýigrenýänlere dabaraly seretjekdirin. Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin. Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».
Выбор основного перевода