Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa--da, dowla düşüp gaçarsyňyz. Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz. Biriniň ýer sürende topragy agdarşy ýaly, biziň-de süňklerimiz ölüler dünýäsiniň agzynda çaşar. Erbet adam hiç kim kowalamasa-‑da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr. Men ysraýyl halkynyň jesetlerini öz butlarynyň öňünde goýaryn, süňkleriňizi bolsa gurbanlyk sypalaryňyzyň töweregine pytradaryn. Şonuň üçin men gorkdum, gidip, beren bir çuwal puluňy ýere gömüp gizledim, ine, puluňy al!“ diýýär.
Выбор основного перевода