Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok. Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar. Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de. Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar. Olar şol ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr. Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy. Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Reb halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar. Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de; Düşünýän asla ýok, Hudaýy agtarýan-da ýok. Olaryň hemmesi ýoldan çykdy, ählisi deň derejede dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de. Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz olar, pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.
Выбор основного перевода