Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury. Maňa merhemet et, eý, Hudaý, maňa merhemet et, çünki meniň janym Saňa sygynýar. Men bela-beter geçip gidýänçä, Seniň ganatlaryňyň saýasynda gizlenjek. Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy, sadyk söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi. Ýa Reb, bize merhemet et! Biz Saňa umyt baglaýarys. Säherlerine güýç ber, hasratly pursatlarda bizi halas et! Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn. Pygamber Habakugyň Şigýonot boýunça dilegi. Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma. Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy. Onuň ýagtysy Gün kimindir, elleri nur saçýandyr, gudratynyň syry elindedir. Onuň öňünden gyrgyn keseli, yzyndan ölüm gitdi. Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi. Gojaman daglar kül boldy, gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir. Kuşan çadyrlaryny muşakgat astynda gördüm, Midýan ýurdunyň çadyrlary gorkudan titredi. Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy? Gaharyň çeşmelere garşymydy? Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly, gazabyň deňizlere garşymydy? Ýalaňaç ýaýyňy galgatdyň, sagdagyňy okdan doldurdyň. Sela Ýer ýüzüni akar suwlar bilen ýardyň. Seni görüp, daglar titreşdi, siller joşdy, çuňluklar seslenip, tolkunlar möwç urdy. Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan, parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan, Gün bilen Aý ýerlerinde durdy. Ýer ýüzüne gazap bilen gadam basdyň, milletleri gahar bilen depelediň. Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň, pis nesilbaşyny ezdiň, ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela Esgerleri tüweleý dek bizi dargatmaga gelende, olaryň başyny baştutanyň naýzalary bilen deşdiň. Gizlenen pukaralary ýuwutmak olara hoş ýakýar. Atlaryň bilen deňizden geçip, joşgunly suwlary köpükletdiň. Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn. Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär. Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň.
Выбор основного перевода