Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siziň araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň biri baýap, öz ysraýyl doganlaryňyzdan biri garyp düşüp, özüni ýaňky gelmişege ýa-da gelmişegiň kowmyndan birine satsa, ol satylanyndan soň, onuň yzyna satyn alynmaga haky bardyr. Öz ysraýyl doganlaryndan biri ony yzyna satyn alyp biler. «Siona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler». Muny Reb aýdýandyr. Akylsyzlar akyllylara: „Çyralarymyz sönüp barýar, bize ýagyňyzdan biraz beräýiň“ diýýärler. Emma akyllylar: „Ýok! Bize-‑de, size-de ýetmän durmasyn. Gowusy, gidiň-de, satyjylardan özüňize ýag satyn alyň“ diýýärler. Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys.
Выбор основного перевода