Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi. Çünki meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, Öz sadygyň gabra girmegine Sen ýol bermersiň. Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň; ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly, Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň. Nesihatlaryň bilen maňa ýol görkezýärsiň, soňunda meni hormat bilen kabul edersiň. Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.
Выбор основного перевода