Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şunlukda, Dawut hem-de tutuş ysraýyl halky şatlyk bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaý çalyp, Rebbiň sandygyny getirýärdiler. Sen ýokary belentlige çykanyňda, ýesirleri Öz yzyňa düşürdiň. Ynsanlardan, hatda bitabynlardan Sen, ýa Beýik Hudaý, paç-hyraç aldyň; Sen indi biziň aramyzda ýaşarsyň. Eý, Hudaý, Seniň ýörişiň – Hudaýym – Patyşamyň mukaddes öýüne gelşi görünýär: öňden bagşylar, sazandalar – olaň yzyndan, deprek çalýan gyzlar aralarynda: Surnaýyň, şahyň sesleri bilen Patyşamyz–Rebbiň öňünde heşelle kakyň. Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi. Aşak inen-de, tutuş älem-jahany doldurmak üçin, gökleriň gögüne çykan-da Oldur.
Выбор основного перевода