Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki Hudaýyňyz Reb sizi gowy ýurda alyp barýar. Ol ýerde çeşmeler, bulaklar, şeýle hem, jülgelerden we daglardan akýan ýerasty suwlary bardyr. Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr. Ol ýerde garnyňyz dok bolar, hiç zada zar bolmarsyňyz. Ol ýurduň daşlary demirden bolup, daglaryndan mis gazyp çykararsyňyz. Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz. Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň. Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde. Ýakup halkynyň guwanjy bolan Reb şeýle ant içdi: «Men olaryň eden işleriniň hiç birini asla unutmaryn. Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder. Reb: «Men sizi ozaldan söýýärin» diýýär. Emma siz: «Sen bizi nähili söýýärsiň?» diýip soraýarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi näme? Men Ýakuby saýladym, Şeýle hem size gökde saklanýan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz miras berdi.
Выбор основного перевода