Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men – Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin. Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar. Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz. Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn! Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar. Sebäbi Hudaý biziň üçin has oňat bir zady taýynlapdy. Ol Özüne sadyk bolan bu adamlaryň biziň bilen birlikde kämil bolmagyny isledi. Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn! Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!
Выбор основного перевода