Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur: Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir. Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi. Saňa keşdeli eşikler geýdirdim, aýagyňa gaýyşdan çaryk, başyňa nepis matadan ýaglyk daňyp, gymmatbaha geýimler geýdirdim. Patyşa myhmanlary görmäge girende, onuň toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär. Siziň gözelligiňiz örülen saçlar, dakylan altynlar, owadan eşikler ýaly daşky görnüşden ybarat bolmasyn. Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.
Выбор основного перевода