Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar. Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi. Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi. Mundan başga-da, Men olary milletler arasyna pytradyp, başga ýurtlara dargatjakdygyma çölde ant içdim. Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler. «Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris, damagy çalynjak goýun saýylýarys».
Выбор основного перевода