Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.
Menden daşlaşyň, eý, betkärleriň bary, çünki Reb eşitdi agy sesimi.
Reb eşitdi meniň ýalbaryşymy, kabul edýär Reb meniň dogamy.
Eý, Rebbiň ähli sadyklary, söýüň siz Ony! Reb goraýar Özüne wepadarlary, doly jeza berýär tekepbirlik edýäne.