Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Köpler men babatda: «Hudaý ony halas etmez» diýýärler. Sela Eý, Hudaý, çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby, gulak goý-da, eşit meniň sözümi. Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, öz Hudaýyma men perýat etdim. Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi; Onuň gulagyna perýadym ýetdi. Olar betbagt günümde garşyma çykdy, ýöne Reb meniň daýanjym boldy. Ol Rebden alar ak pata, halas edýän Hudaýyndan alar aklanma. Maňa öwrül-de, merhemet eýle, çünki men ýalňyz, ezýetlidirin. Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.
Выбор основного перевода