Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň. Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary, batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz! Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla, Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder; sen erbetleriň ýok edilenini görersiň. Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym. Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdadyr meniň umydym. Men Rebbe intizar, janym intizar, men Onuň sözüne umyt baglaýan. Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!» Edom, Men seni halklaryň arasynda iň pesi ederin sen bütinleý ryswa bolarsyň. Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.
Выбор основного перевода