Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şan-şöhratym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin. Seniň ýagşylygyň neneňsi uly! Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony; adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara edýärsiň Sen bu ýagşylygy. Ýa Reb, Saňa perýat edýärin, diýýärin: «Sen – meniň penam, diriler diýarynda – meniň nesibäm». „Diriler ýurdunda Rebbi görmerin. Bu dünýäde ýaşaýanlar kimin ynsana gözüm düşmez mundan artyk“ diýdim. Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen ýuwaş bir guzy kimindim. Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň, mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly, ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip, meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim.
Выбор основного перевода