Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi. Seret, bu gün men siziň öňüňizde alkyş we nälet goýaryn: Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryna boýun egseňiz, alkyş alarsyňyz. Sen gizleme menden ýüzüňi, gazabyňda kowma Sen Öz guluňy; Sen maňa kömekçi bolduň; meni taşlama hem-de terk etme, eý, Halasgär Hudaýym meniň! Eý, Hudaý, meni halas eýleýän Hudaý! Döken ganymyň günäsinden Sen meni gutar, dilim Saňa – Halasgärime nagmalar aýdar. Ýa Reb, meni halas eýleýän Hudaý, gije-gündiz gaşyňda dat-perýat etdim. Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin. Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý, dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy. Özüňiz üçin dogrulyk ekip, sadyk söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe dileg etmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.
Выбор основного перевода