Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawudyň mezmury Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär? Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär? Kämil gezýän, dogry iş edýän, hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän, dili bilen myjabat ýöňkemeýän, ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän, ýakyny barada gybat etmeýän; onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän; öz puluny göterimine bermeýän, ýazyksyza garşy para almaýan. Şeýle ynsan asla yranmaz. «Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan». Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň – Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly! Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň ýagşylygyndan doýaly. Dogruçyl ýaşap, dogry sözleýänler sütem bilen gazanylan gazanjy ýigrenýänler, elini para almakdan saklaýanlar, gan döküşiklige gulak gabartmaýanlar, ýamanlyga gözlerini ýumýanlar
Выбор основного перевода