Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi hem-de bitabynlyk ýodalarymy. Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä, Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni. Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary. Rebden bir zat diledim, islegim şudur: Rebbiň öýünde ömürboýy ýaşamak, Rebbiň gözelligini höwes bilen synlamak, Onuň ybadathanasynda doga- -dilegler etmek. Çünki Ol muşakgatlyk wagtynda meni gorar Öz penasynda hem-de gizlär Öz çadyrynda; Ol gaýanyň üstüne meni galdyrar. Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.
Выбор основного перевода