Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Raba galasyndan Nahaşyň ogly Şoby, lodebarly Emiýeliň ogly Makyr, Rogelimden gilgatly Barzyllaý dagy Dawut bilen onuň ýanyndaky adamlaryna ýorgan-düşek, gap-çanak, toýun gaplar, huruşlyk üçin bugdaý, arpa, un, gowurga, noýba, mäş, bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar. Reb meniň mirasym hem-de nesibäm, Onuň elindedir meniň ykbalym. Seniň ýagşylygyň neneňsi uly! Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony; adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara edýärsiň Sen bu ýagşylygy. Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Hudaý, seniň Hudaýyň, seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýlady, başyňa şatlyk ýagyny guýdy. Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler: «Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi? Sen meni ýabany öküz dek kuwwatly etdiň, başyma täze ýag guýup, meni saýladyň. Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; erbet adamyň göwün islegleri puç bolar. Gurbanlyk soýdy, şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy. Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar. Sen başyma ýag çalmadyň, emma bu aýal aýaklaryma hoşboý ysly ýag çaldy.
Выбор основного перевода