Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik millet barmyka? Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, sag elinde lowlaýan ot bardy. Ysraýyl jemagatyna miras hökmünde Musa bize Kanun berdi. Geljek nesliň, indi doguljaklaryň bileri ýaly, olaryň hem öz nobatynda çagalaryna aýdary ýaly, umytlaryny Hudaýa baglary ýaly, Hudaýyň edenlerini unutman, Onuň parzlaryny saklary ýaly, ýürekleri Hudaýa wepa bermedik, ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly, Ol Ýakubyň nesline – Ysraýyl halkyna kanuny berdi. Perzentlerine ony öwretmekligi ata-babalarymyza Ol emr etdi. Ol Musa görkezdi Öz ýollaryny, ysraýyl halkyna – Öz işlerini. Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň. Ine, ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň ata-babalarymyzy saýlady. Olar Müsürde ýaşan döwründe Hudaý olardan beýik bir halk ýaratdy. Soňra beýik gudraty bilen olary Müsürden alyp çykdy. Ýahudy bolmagyň artykmaçlygy köpdür! Sebäbi Hudaýyň kanunlary we wadalary ilki ýahudylara berildi.
Выбор основного перевода