Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki Men siziň öňüňizden başga milletleri kowup aýryp, serhetleriňizi giňelderin. Ýylda üç gezek Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna gelseňiz, hiç kim siziň ýeriňize göz dikip bilmez. Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi. Men oňa saýlama bugdaý iýdirerdim, gaýadan akan bal bilen ony doýrardym». Men onuň azygyny bolelin bereketlärin, onuň mätäçlerini nandan doýraryn. Bürünç ýerine altyn, demir ýerine kümüş bererin Men; agaç ýerine bürünç, demir bererin daş ýerine. Parahatçylygy baştutanyň, dogrulygy gözegçiň edip bellärin. Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.
Выбор основного перевода