Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Garga balalary Hudaýa nalyş edip, açlykdan entänlerinde, olary olja bilen üpjün edýän kim? Rysklaryny wagtynda berersiň diýip, olaryň bary Saňa garaşýar. Sen berýärsiň – olar ýygnaýar, eliňi açýarsyň – näz-nygmatdan doýýar. Ähli janly-jandara iýmit berýän Oldur, Onuň söýgüsi baky. Guşlara serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz? Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz!
Выбор основного перевода