Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir. Synyk ruh – Hudaýyň göwnünden turýan gurbanlyk; eý, Hudaý, synyk, ökünçli ruhy Sen kemsitmersiň. Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar. Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin. Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni. «Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».
Выбор основного перевода