Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe alkyş aýdyň lirada, Oňa mukam çalyň on kirişli guralda. Aýdyň Oňa täze nagmany, şadyýan gygyryşyp, ussatlarça çalyň öz sazyňyzy. Ol meniň agzymda bir täze nagma – Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy; köpler muny görüp gorkarlar, hem-de Rebbe bil baglarlar. On kirişli guralda we arfada, lirada mukamlar çalyp, gije-gündiz söýgiňi, wepadarlygyňy beýan eýlemek! Söýgülime üzümçilik hakdaky söýgi nagmamy aýdaýyn: mes toprakly depede söýgülimiň üzümçiligi bar. Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.
Выбор основного перевода