Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer. Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer. Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz. Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz. Siz duşmanlaryňyzdan üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz. Bäşiňiz ýüzden, ýüziňiz müňden üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz. Men sizi ýalkap, size köp çaga berip, sanyňyzy köpelderin. Men siziň bilen eden ähtimi saklaryn. Siz uzak wagtlap saklanan öňki köne gallany iýersiňiz. Täze hasyla ýer açmak üçin, siz köne hasyly çykaryp taşlamaly bolarsyňyz. Soňra Isa olara bir tymsal aýdyp berdi: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär. Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, gaty görme“ diýýär.
Выбор основного перевода