Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän. Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn. Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy hem-de öwret maňa ýodalaryňy. Ýa Reb, maňa ýoluňy öwret hem-de duşmanlarym sebäpli meni düz ýodadan alyp git. Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan. Ýa Reb, hakykatyňda gezerim ýaly, maňa öwret Sen Öz ýoluňy. Seniň adyňdan gorkarym ýaly, Özüňe bagla meniň ýüregimi. Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde sadyk söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.
Выбор основного перевода