Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
„Heý-de ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi? Ynsan öz Ýaradyjysyndan päk bolup bilermi? «Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän, ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler? Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez. Meniň ýala dagam göz dikýäňmi Sen? Höküm etmek üçin meni huzuryňa getirýäňmi? Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi? Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Ynsandan doglan nädip päk bolup biler? Ýa Reb, günäleri hasaba alsaň, ýa Taňry, huzuryňda kim durup biler? Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok. Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär. sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular. Ynsabym päk bolsa bolubersin, ýöne bu barybir meni aklamaýar. Maňa Reb kazylyk edýändir.
Выбор основного перевода