Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris». Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly. Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Men Rebbi pena edinýärin. «Guş kimin öz dagyňa gaç – diýip, maňa neneň aýdyp bilýäňiz? – Gözlerim mydama Rebbe garap dur, çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar. Sen gizleme menden ýüzüňi, gazabyňda kowma Sen Öz guluňy; Sen maňa kömekçi bolduň; meni taşlama hem-de terk etme, eý, Halasgär Hudaýym meniň! Eý, göklerdäki tagtda Oturan, gözlerimi Saňa bakan galdyrýaryn. Gullaryň öz eýeleriniň eline bakyşy kimin, gyrnaklaryň öz bikeleriniň eline bakyşy kimin, Hudaýymyz Reb bize merhemet edýänçä, biziň gözlerimiz Oňa dikilgi.
Выбор основного перевода