Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň birini ertirine, beýlekisini agşamyna soý. Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar. Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn. Ol agşam çyrany ýakmaga gelende-de şeýle etsin. Siz bu ýakymly ysly tütetgini Meniň huzurymda hemişe nesilme-nesil etmelisiňiz. Tabşyryklaryňy söýüp, olara tarap ellerimi gerýärin, parzlaryň barada oýa batýaryn. Mukaddes öýe tarap elleriňizi galdyryp, Rebbi alkyşlaň. Tütetgi tütetmeli pursady geldi, ähli jemagat daşarda Hudaýa doga okap durdy. Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga--dileg etmeklerini isleýärin. Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir. Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.
Выбор основного перевода