Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma duşmanyň öjükmeginden çekindim, çünki duşman ýalňyş düşünmesin, ‘Bulary eden Reb däl eken, biziň elimiz rüstem eken’ diýmesin. Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, guran hilelerini puja çykarýar. Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar. Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby; goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi. Ýürekden: «Hä-ä, ýürek islegimiz ýerine düşdi: biz ondan dyndyk» diýip, olar aýtmasyn. Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.
Выбор основного перевода