Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz aýaklary bilen tora düşýärler, özleri garyma ýykylýarlar. Aýagy gapana düşýär, olary duzak gapjaýar. Olar üçin ýere syrtmak çekilýär, ýollaryna duzak gurulýar. Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň. Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar. Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär, gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär, «Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar. Meni gora olaryň duzaklaryndan hem-de betkärleriň – gapanlaryndan. Sagyma bak-da, gör: hiç kim maňa hormat goýmaýar, maňa indi gaçalga-da ýok, hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär. Üstlerine garakçylary duýdansyz dökeniňde, öýlerinden dady-perýat eşidilsin. Çünki meni tutmak üçin çukur gazdylar, aýagymyň astyna gizlin duzak gurdular.
Выбор основного перевода