Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Milletleriň butlary kümüş, tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir. Olaryň agzy bar, ýöne gürlemeýär, gözleri bar, ýöne görmeýär. Gulaklary bar, ýöne eşitmeýär, burunlary hem ys-kok almaýar. Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar, aýaklary bar, ýöne ýöremeýär, bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar. Şolar dek bolar olary ýasanlar, we olara bil baglan ähli ynsanlar. Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy. Butumy? Ony bir hünärment guýýar, zergär ony altyna gaplaýar, onuň üçin kümüş zynjyr ýasaýar. Beýle gurbanlyga gurby çatmaýan kişi, bir çüýremez agajy saýlaýar. Mäkäm oturdylan but ýasatjak bolup, ökde ussanyň gözlegine çykýar. But ýasaýanlaryň bary biderekdir, olara ýaraýan zatlar peýdasyzdyr, olaryň şaýatlary ne görýär, ne-de zat bilýär. Utanja galdyrylar olar. Derde ýarawsyz hudaýy, ýa guýma buty kim ýasaýar? Ine, onuň ähli ýoldaşlary utandyrylar, hünärmentleriň özleri adamlardyr. Ählisi ýygnanyşyp, ählisi bile dursunlar; dowla düşer olar, utanja galar. Demirçi guralyny alyp, onuň bilen közde işleýär; ol buta çekiç bilen şekil berýär, güýçli goly bilen onuň üstünde işleýär. Ol ajygyp, güýçden gaçýar; suwsuzlykdan mejalsyz bolýar. Agaç ussasy ýüp bilen ölçeýär, galam bilen bellik edýär, törpi bilen şekil berýär, isgene bilen belleýär. Buthanada goýmak üçin buty adam şekilli ýasaýar, ynsan gözelligine görä ýasaýar. Ol kedr agaçlaryny kesýär, serwi we dub agaçlaryny alýar. Tokaýyň agaçlaryndan birini saýlaýar, dagdan agajyny oturdýar, ýagyş ony ösdürýär. Agaç ynsana odun bolýar, ol getiren oduny bilen hem ýylynýar, oduny ýakyp, çörek bişirýär. Şeýle hem özüne bir taňry ýasap, ybadat edýär oňa, but ýasap, sežde edýär oňa. Odunlaryň ýarysyny ýakyp, oduň üstünde kebap bişirýär, ondan iýip doýýar. Ol ýylnyp, şeýle diýýär: «Ine, ýylyndym, alawyň howruny duýdum!» Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar, özüne but ýasap, sežde edýär oňa, ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär: «Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!» Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy. Hiç kim oýlanyp görmeýär, «Odunyň ýarysyny ýakdym, közüne çörek bişirdim, etden kebap edip iýdim, indi galanyndan ýigrenji zat ýasaýynmy? Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýer ýaly akyl-paýhas ýok. Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler. Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler. Ony gerişlerine alyp göterýärler, ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar, ýerinden gozganyp bilmeýär. Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde, hiç bir beladan gutarmaýar. Halklaryň däp-dessurlary boşdur, tokaýdan kesilen agaja ussanyň guraly şekil berýär. Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar. Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz. Olar Pawlusy tutup, Arýopagus mejlisine getirip, şeýle diýdiler: «Seniň öwredýän bu täze taglymatyňyň nämedigini biz hem bilsek bolarmy?
Выбор основного перевода