Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim. Hudaýyňyz Rebbiň Özi olary yza serpikdirip, siziň öňüňizden kowup çykarar. Hudaýyňyz Rebbiň size söz berşi ýaly, siz olaryň ýerlerini eýelärsiňiz. Milletleri olaryň öňünden kowdy, çadyrlarynda Ysraýyl tirelerini ornatdy, mülklerini paýlap, olara miras hökmünde berdi.
Выбор основного перевода