Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.
Bu ýahudylar üçin bagt hem şatlyk, begenç hem hormatdy.
Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň, säher deý bolar garaňkylygyň.
Nur dogulýar dogrular üçin, şadyýanlyk – ýüregi dogrular üçin.
Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, Reb merhemetli hem-de rehimli.