Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýy unudan her kesiň soňy-da şeýle gutarar, hudaýsyzyň umydy öler. Şikeslini ýaňsylaýan hudaýsyzlar dek, olar maňa dişlerini gyjaýardylar. Erbet dogry adama hyýanat edýär hem-de oňa dişlerini gyjaýar. Olar akyp gidýän suw dek, goý, ýitip gitsin, oklaryny çenänlerinde ujy kütelsin. Goý, eräp giden balykgulak deý bolsun, aýalyň düşen çagasy deý güneş görmesin. Öz hoşamaýlygyňdan bir nyşan görkez, meni ýigrenýänler ony görüp, utanja galsyn. Sebäbi, ýa Reb, Sen kömek etdiň, Sen maňa göwünlik berdiň. Dogruçylyň umydy şatlyk getirýär, erbediň umydy puja çykýar. Erbet adam ölse, onuň umyt- -niýetem ölýär, onuň baý bolmak tamasy puja çykýar. Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi.
Выбор основного перевода